ZEHINLI ÝAŞLARYŇ ÜSTÜNLIGI

ZEHINLI ÝAŞLARYŇ ÜSTÜNLIGI

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň ne­ti­je­sin­de bi­lim eda­ra­la­ry­na — orta mek­dep­le­re, ça­ga­lar bag­la­ry­na täze multimedia tehnologiýalary, interaktiw enjamlary, şeýle-de häzirki zaman kompýuterleri giňden ornaşdyrylyp, ýaşlaryň bilimiň esaslaryny doly ele almagy, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmegi başarýan ruhubelent nesiller bolup ýetişmegine giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şol aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lanmagy başarýan Kaka etrabyndaky or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry dür­li derejedäki bäsleşiklere gatnaşyp, üstün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler.

 

Soň­ky ýyl­lar­da okuw­çy ýaş­la­ryň halkara dersara internet bäsleşiklerine uly höwes bilen gatnaşmagy has-da guwandyrýar. Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Eru­dit» at­ly okuw-yl­my mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra dersara internet bäsleşiklerinde olaryň görkezýän netijeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda ady agzalan merkez tarapyndan 2018 — 2019-njy okuw ýy­ly­nyň birinji ýarymynyň jemi jemlenende, et­ra­byň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň örän ýokary netijelere eýe bolandy­gy mä­lim edil­di. On­da okuw­çy ýaşlarymyz medallaryň 113-sini, şol san­da al­tyn me­da­lyň 42-si­ni, kü­müş me­da­lyň 59-sy­ny, bü­rünç me­da­lyň 12-sini gazandylar.

 

Bu halkara internet bäsleşiklerine etrapdaky mekdepleriň mugallymlary-da gatnaşyp, oňat görkezijileri gazandy, has takygy, olar medallaryň 6-syny eýeledi. Ýeri gelende, mekdep okuw­çy­la­ry­dyr mu­gal­lym­la­ry­nyň şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy we zehin-başarnygyny görkezmegi üçin et­rap­da de­giş­li iş­le­riň ýo­la goýlan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Et­rap­da­ky 14-nji or­ta mek­dep­de ýaş­la­ry halkara internet bäsleşiklerine ugrukdyr­mak bo­ýun­ça mer­kez he­re­ket edýär. Şeýle bolansoň, bu mekdebiň okuw­çy­la­ry­nyň, şeý­le-de mu­gal­lymlarynyň arasynda halkara internet bäsleşiklerinde has ýokary netijelere eýe bolýanlaryň sany barha art- ýar. Ge­çen ýyl­ky tap­gyr­da, ýag­ny 2017 — 2018-nji okuw ýy­ly­nyň dowa­myn­da bu mek­de­biň okuw­çy­la­ry «Eru­dit» at­ly okuw-yl­my mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len hal­ka­ra der­sara internet bäsleşiginde medallaryň je­mi 41-sine my­na­syp bo­lup, şo­nuň 23-si al­tyn me­dal­dyr. Mek­de­biň mugallymlary altyn medalyň 12-sini, kü­müş me­da­lyň 3-si­ni, bü­rünç medalyň 2-sini gazandylar.

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy we üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi döw­rü­mi­ze mynasyp, ösen aň-düşünjeli, giň dünýä­ga­ra­ýyş­ly, şeý­le-de Wa­ta­ny­my­za, Gahryman Arkadagymyza, il-günümize wepaly, ruhubelent nesliň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr, milli Liderimiziň bilim ulgamynda dur­mu­şa ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň da­ba­ra­lan­ma­sydyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetirendigi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şally­gy­my­zyň çä­gi ýok­dur.

 

Araphan ERNIÝAZOW,

 

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

“Nesil” gazeti,