Üstünliklerimiz

14 Ýanwar, 2019 ý.

Iň oňat taýýarlanylan okuw prezentasiýasy

Bäsleşige mekdebimizden jemi 30 mugallym gatnaşyp, olaryň 6-sy Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň “Hormat haty” bilen sylaglandylar. Atabaýew Saparnepes (Iňlis dili) Arazalyýewa Gülüstan (türkmen dili) Sopyýew Sopy (taryh) Setdarow Myratguly (himiýa) Annagulyýew Döwranguly (başlangyç) Annajanowa Arazjemal (başlangyç)

14 Ýanwar, 2019 ý.

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” bäsleşigi

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şäherde geçirilen döredijilik bäsleşiginde goşgy düzmek boýunça 11-nji synp okuwçysy Weliýewa S. I orun.

14 Ýanwar, 2019 ý.

"Ýangyn södürijiler" bäsleşigindäki ýeňiş

"Ýangyn södürijiler" bäsleşigindäki ýeňişi ýaş nesillere ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini we usullaryny öwretmegi hem-de olary beden taýdan taplamagy maksat edinen bäsleşikde mekdep okuwçylary öz başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde 5-nji orta mekdebiň topary beýlekilerden saýlanyp, ýeňiji boldy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde 3-nji hem-de 2-nji orta mekdepleriň okuwçylary mynasyp boldular.

14 Ýanwar, 2019 ý.

Ýylyň okuwçysy

“Ýylyň okuwçysy” bäsleşiginde 11-nji “A” synp okuwçysy Arbadowa A. şäherde II orny eýeledi.

14 Ýanwar, 2019 ý.

Taslama bäsleşigi

Taslama (Döredijilik bäsleşiginde) taryh mugallymy S.Sopyýewiň ýolbaşçylygynda 11-nji “A” synp okuwçysy Atbadowa A. 10-njy “B” snp okuwçysy Ismaýylowa G. “Taryhy wakalaryň sözlügi” işi boýunça şäherde-I orna, welaýatda-I, döwletde-I orna mynasyp boldular.